Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti energetika pudagyndaky kemçiliklere ünsi çekdi

23:5804.02.2021
0
5156
Türkmenistanyň Prezidenti energetika pudagyndaky kemçiliklere ünsi çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça 4-nji fewralda geçiren maslahatynyň dowamynda energetika pudagyndaky kemçilikler hakynda belläp geçdi. Bu barada TDH habar berýär.

Milli Lider elektrik energiýasy ulgamynyň işi bilen bagly meseleler barada durup geçip, bu ýerde elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatlyklaryň 44,8 göterim ulanylandygyny belledi hem-depudaklaryňkärhanalarynda önümçilik kuwwatlygynyň ulanylyşyny ýokarlandyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini tabşyrdy.

Sebäbi döwletimiz senagat, energetika we himiýa pudaklaryna köp möçberde maýa goýumlaryny goýdy. Şoňa görä-de, döwlet Baştutany bu kärhanalaryň önümçilik taýdan netijeli we girdejili bolmagynyň gazanylmalydygyny nygtady.

Önümçilik kärhanalarynyň doly taslama kuwwatynda işlemegi üpjün edilmelidir. Import önümleriniň ornuny tutýan ýerli senagat we gurluşyk harytlarynyň üpjünçiligi artdyrylmalydyr. Innowasion tehnologiýalary we ylmyň hem-de tehnikanyň iň täze gazananlaryny ulanýan önümçilik kärhanalaryny döretmek arkaly senagatyň düzümi kämilleşdirilmelidir diýip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany ýokary hilli, uly islegden peýdalanýantäze önümleriň önümçiligini ýola goýmagyň dowam etdirilmelidigine,durkuny täzelemek arkaly hereket edýän kärhanalaryň döwrebap ýagdaýa getirilmelidigine ünsi çekdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň elektrik stansiýalarynda oturdylan 36 sany gaz turbinaly enjamlaryň diňe 2-si düýpli abatlanypdyr, galan 2-sinde bolsa, abatlaýyş işleri dowam edýär.Şeýle hem, 9 sany gazturbinaly enjamda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezident aýtdy.

Ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin, abatlaýyş işleriniň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn üns berilmelidir. Bu enjamlar we elektrik geçiriji ulgamlar üçin ätiýaçlykşaýlaryny hem-de sarp ediş serişdeleri wagtynda satyn alynmalydyr.

Şunuň bilen birlikde, milli Lider sarp edilen elektrik energiýasy boýunça hasaplaşyklary geçirmek üçinelektron töleg ulgamyny ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň