Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly karateçileriň dördüsine gara guşagyň ikinji dany gowşuryldy

12:5404.02.2021
0
6503
Türkmenistanly karateçileriň dördüsine gara guşagyň ikinji dany gowşuryldy

Türkmenistanly karateçileriň dördüsi kýokuşinkaý karate boýunça gara guşagyň ikinji danyna mynasyp boldular. Olara Halkara karate federasiýasyndan ýollanan ýörite şahadatnama ýakynda Täze zaman ýaşaýyş toplumyndaky sport desgasyna gowşuryldy.

Türkmen türgenleri mundan bir ýyl ozal halkara federasiýa tarapyndan geçirilen gysga wagtlyk okuwlara gatnaşdylar. Okuwlaryň dowamynda olar bu söweş sungatynyň taryhy, kata (çylşyrymly maşklar), tameşiwari (gaty zatlary döwmek) we kumit (tutluşyk) boýunça synaglardan üstünlikli geçdiler.

Has takygy, gara guşaga Aşgabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ahmet Durdyýew, 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Myrat Ekäýew, Türkmenistanyň Kýokuşinkaý karate boýunça milli merkeziniň wekilleri Maksat Ekäýew we Meretmyrat Garryýew dagylar mynasyp boldy. Olaryň ählisi hem Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony we halkara ýaryşlaryň medallarynyň eýeleridir.

Geçen ýyldaky okuwlary Halkara karate federasiýasynyň gazagystanyly wekili, gara guşagyň ýedinji danynyň eýesi Täjimyrat Naýzabekow geçdi. Ýedi sagada golaý dowam eden synaglarda dalaşgärlerden karate bilen bagly tabşyryklaryň birnäçesi talap edildi. Olary öz wagtynda we ýalňyşsyz ýerine ýetirmek hökmandyr.

Türgenlere baýraklar ýurdumyzdaky milli merkeziň ýolbaşçylary tarapyndan gowşuryldy. Çäreleriň dowamynda täze derejelere eýe bolan ussatlar ýaş türgenler bilen gysga wagtlyk tälim sapaklaryny hem geçdiler.

Türkmenistanda kýokuşinkaý karateniň sportuň beýleki görnüşleri bilen bilelikde yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Öňümizdäki baharda sportuň bu görnüşi boýunça erkekleriň we zenan türgenleriň arasynda Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşy geçirmek meýilleşdirilýär. Şol ýaryşyň netijelerine-de görä-de, weteran türgenleriň arasynda Ýaponiýada geçirilmegi meýilleşdirilýän dünýä çempionaty üçin milli ýygyndymyz kesgitlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň