Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenistan" gazeti döredijilik bäsleşigini yglan etdi

11:3604.02.2021
0
5940

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle-de 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde «Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň maksady

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen şanly sepgitleri şöhlelendirmekden, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatlarynda gazanylýan üstünlikleri giňden açyp görkezmekden ybaratdyr.

Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) Garaşsyz ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Ýurdumyzda galla bilen üpjünçiligimiz, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa babatda gazanan garaşsyzlygymyz giňden beýan edilmelidir, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler beýan edilmelidir. Oçerkler jemgyýetiň öňdebaryjylaryna, uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän döwürdeşlerimize, zähmet adamlaryna bagyşlanmalydyr.

Bäsleşige gatnaşmagyň şerti

Bäsleşige gatnaşmak isleýän ildeşlerimiz bäsleşige hödürleýän eserlerini «Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr» atly bäsleşige» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.

Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar bäsleşik bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.

Eserlere baha bermek we sylaglamak

Bäsleşige gelip gowşan eserlere döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer.

Bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň diplomlary we sowgatlary, şeýle-de tapawutlanan eserleriň awtorlaryna höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň