Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti soňky gezek duýdurmak bilen oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine berk käýinç yglan etdi

23:4603.02.2021
0
5354

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda obahojalyk toplumynyň işini ilerletmäge bagyşlanan iş maslahatynda obasenagat toplumynda geçirilýän işlerde kemçiliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirip, oba hojalygyny ösdürmegiň ýokary depginini saklamagyň esasy wezipeleriň biridigine ünsi çekdi we ministre bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany döwletimiziň oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak hem-de ilatymyzyň zerur azyk harytlaryna islegini doly derejede kanagatlandyrmak maksady bilen, oba hojalyk pudagyna ählitaraplaýyn goldaw bermegi dowam etdirjekdigini aýdyp, bu babatda ministre degişli tabşyryklary berdi.

 

Milletiň Lideri ýörite Karar bilen wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Baýramdurdyýew Magtymgula berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň