Ahal welaýatynda Ahalteke atçylyk ylmy merkezi peýda bolar

23:4303.02.2021
0
9206

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji fewralda geçiren iş maslahatynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysyna alnyp barylýan ylmy-seçgi işlerini kämilleşdirmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, seçgi-tohumçylygy kämilleşdirmek, atlary zerur iýmler bilen üpjün etmek barada degişli tabşyryklar berildi.

Bu işler Ahalteke atçylyk ylmy merkeziniň işgärleriniň gatnaşmagynda ylmy esasda guralmalydyr diýip, milletiň Lideri Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa şu ýokary okuw mekdebindäki weterinariýa fakultetiniň alymlarynyň hem bu işe işjeň goşulmagy barada tabşyryk berdi.

Şöhratly ahalteke bedewleriniň taryhy watany hökmünde meşhur bolan Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi gurulýar.

Bu desgalar golaýda ýerleşen Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde tutuş ulgamy emele getirer, bu bolsa, pudagy täze, dünýä derejesine çykarmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň