Soňky habarlar

Arhiw

«Amazon» Jeff Bezosyň baş müdir wezipesinden aýryljakdygyny habar berdi

17:0903.02.2021
0
2660
«Amazon» Jeff Bezosyň baş müdir wezipesinden aýryljakdygyny habar berdi

ABŞ-nyň elektron söwda ägirdi bolan «Amazon» kompaniýasynyň baş müdiri Jeff Bezos şu ýylyň  üçünji çärýeginde öz wezipesinden aýryljakdygyny öz işgärlerine habar beripdir.

Kompaniýanyň beren beýanynda şu ýyl dolandyryjy çalşygynyň boljakdygy, «Amazon» şereketiniň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň ýokary dolandyryş wezipesini ýylyň üçünji çärýeginde terk etjekdigi habar berildi.

Beýanda dünýäniň iň baý telekeçilerinden biri bolan Bezosyň kompaniýanyň dolandyryş geňeşiniň başlygy wezipesini dowam etdirjekdigi, ýöne şereketiň baş müdiri wezipesine «Amazon»-yň ýerine ýetiriji müdiri Andy Jassynyň belleniljekdigi mälim edildi.

«Amazon» kompaniýasynyň 2020-nji ýylyň soňky çärýegindäki maliýe netijelerine görä,  bu  şereketiniň çärýekleýin girdejisiniň ilkinji gezek 100 milliard dollardan geçendigi barada beýanda bellenilýär. Şeýle hem beýanda «Amazon» şereketiniň satuwynyň 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginde 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 44 göterim ýokarlanyp, 125,6 milliard dollara ýetendigi bellenildi.

Beýanda «Amazon» kompaniýasynyň satuwynyň 2020-nji ýylyň dowamynda köpelendigine aýratyn üns çekilip, bu şereketiň satuwynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 2020-nji ýylda 38 göterim artyp, 386,1 milliard dollara ýetendigi mälim edildi.

Mundan başga-da beýanda «Amazon» kompaniýasynyň 2019-njy ýylyň dördünji çärýeginde arassa girdejisiniň 7,2 milliard dollara çenli ýokarlanandygy we her paýdan alnan girdejisiniň 14,09 dollar bolandygy habar berildi.

«Amazon» şereketiniň 2019-njy ýylyň dördünji çärýeginde 3,3 milliard dollar girdeji gazanandygyny mälim etdi.

«Amazon» şereketiniň 2020-nji ýyldaky arassa girdejisiniň 21,3 milliard dollar bolandygy bellenilen beýanda, her paýdan alnan girdejiniň geçen ýylda  41,83 dollara ýetendigi habar berildi. «Amazon» kompaniýasy 2019-njy ýylda 11,6 milliard dollar girdeji gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň