«Ynamdar» dükanynda sowgat hepdeligi dowam edýär

18:2302.02.2021
0
12930

1-5-nji fewral aralygynda ynamdar.com onlaýn dükanynda sowgat hepdeligi geçirilýär.

Hususan-da, ynamdar.com-dan haryt satyn alan her bir müşderi, sowgat hökmünde 180 gramlyk “Nutella” önümini almaga mümkinçilik gazanýar. Şeýle-de bolsa, dükan müşderileriň şeýle sowgady günde diňe bir gezek alyp biljekdigini belleýär.

Şeýle hem, bu onlaýn dükan, harytlaryň birini satyn almak bilen ikinjisini sowgat hökmünde alyp bolýan belli bir haryt kategoriýasyny hödürleýär. Bular, meselem, “Bingo” ýuwujy serişdesi ýa-da “Hero Baby” çaga iýmitidir.

Onlaýn dükanyň sowgat hepdesi munuň bilen çäklenmeýär. Fewral aýynyň birinji hepdesinde harytlarda uly arzanladyş bar.

Müşderileriň amatlylygy üçin, ynamdar.com web sahypasy türkmen we rus dillerinde hereket edýär. Eltip bermek hyzmaty, Änew şäheri we Büzmeýin etraby aralykda amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň