Soňky habarlar

Arhiw

A.Sultanow - Türkmenistanda gaýyklary we howuzlary öndürmekde ilkinji öňdebaryjy ussat

17:0102.02.2021
0
15688

Telekeçi Akmyrat Sultanow, adaty bir iş bilen meşgullanmaýar. Ol Türkmenistanda gaýyklary we howuzlary ýasamakda ýeke-täk ussatdyr. 

Onuň özi we kömekçi topary hususy ýerleriň eýeleri, şeýle hem balyk tutmagy we suwda ýüzmegi halaýanlar üçin ýörite taslamalaryň üstünde işleýärler.

Işine ökde ussatlar, balyk tutmaga höwesekler üçin şeýle-de gezelenç etmek isleýänler üçin eýýäm onlarça gaýyklary öndüripdirler. Gämiler we howuzlar kompozitly materiallardan, ýagny iki ýa-da has köp bölekden (mysal üçin, metal we metal däl) we iki komponentiň iň gowy häsiýetlerine eýe bolan materiallardan ýasalýar. Bularyň ählisini derýalarda, köllerde we deňizde ulanyp bolýar.

Müşderilerden gelýän haýyşlary göz öňünde tutup, taýýar önümi ýurduň islendik ýerine eltip bermek işini hem amala aşyrýarlar.

Howuzlar hem aýratyn taslamalar boýunça, landşaft dizaýnyny we müşderiniň isleglerini nazara alyp, ähli tehniki we daşky gurşaw standartlaryna laýyklykda gurulýar.

Has takyk maglumat üçin şu salga geçiň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň