«Ak hünji» öz önümleri bilen tanyşmak üçin web sahypasyna girmäge çagyrýar

11:2602.02.2021
0
7866

Ýurdumyzyň Mary welaýatynda ýerleşýän, «Ak hünji» hususy kärhanasy, 2009-njy ýyldan bäri bezeg, ýylylyk we polistiroldan ýasalan sendwiç-panellerini öndürip gelýär. «Ak hünji» önümleriniň köpdürliligi, islendik talaplary kanagatlandyrmaga we jaýlaryň özboluşly içerki dizaýnyny durmuşa geçirmäge ukyplydyr.

«Ak hünji» HK-sy potolok profilleriniň we bezeg panelleriniň, lýustralar üçin rozetkalaryň, galyňlygy 3 - 20 sm bolan ýylylyk izolýasiýa sendwiç panelleriniň we ş.m. polistirol önümleriniň dürli nusgalarynyň hödürlenýän web sahypasyna girip görmegi teklip edýär:

Kärhananyň öz şahsy, önümleriň hiline baha berýän barlaghanasy bar. Kärhananyň hünärmenleri önümçiligi yzygiderli döwrebaplaşdyryp, polistiroldan önüm öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalarynyň gazananlaryna esaslanyp, döwrebap ösüşler bilen deň gadam urýarlar.

«Ak hünji» HK-niň önümleriniň hiline «SGS» halkara ygtyýarnama kompaniýasynyň wekilleri ýokary baha berdiler. Şeýlelikde, bu hususy kärhananyň önümlerine ISO 9001:2018 talaplaryna laýyk gelýändigi barada halkara hil standartynyň şahadatnamasy berildi.

Şeýle hem okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň