Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylaryň lybaslarynyň nusgalaryny gözden geçirdi

23:5001.02.2021
0
17737

1-nji fewralda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy.

Türkmen Lideri harby gullukçylar üçin lybaslaryň nusgalaryny gözden geçirip, olar babatda birnäçe bellikleri aýtdy. 

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, döwrebap harby lybaslaryň ýokary hilli, degişli aýratynlyklary bolan matalardan taýýarlanylmalydyr hem-de bildirilýän talaplara, şol sanda howa şertlerine doly kybap gelmelidir. Bu olaryň niýetlenen maksadyny, gelşikliligini nazara almak bilen, harby egin-eşikleriň amatlylygyna degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini hem-de tehniki üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň durmuşy we gulluk etmegi üçin ähli şertleri döretmek bilen baglanyşykly meseleleri döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklajakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň