Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda tennis boýunça Dewisiň kubogyny geçirmek baradaky Karar gol çekdi

23:0530.01.2021
0
15696

2021-nji ýylyň 6-12-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyry geçiriler.

Munuň üçin degişli ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara Tennis federasiýasy bilen bilelikde gurar.
Mundan öň, Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyry Aşgabatda 2020-nji ýylyň 8-15-nji iýuny aralygynda geçirmeklik bellenilipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň