Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara saglyk merkezleriniň ýene ikisi gurlar

23:4128.01.2021
0
14024

Aşgabatda täze halkara saglyk merkezleriniň ýene-de ikisi gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabiinetiniň şu gün geçirilen mejlisinde aýdyldy.

Olaryň biri Halkara fiziologiýa-ylmy kliniki merkezidir. Bu merkezde geljekde ýurdumyzda we sebitde köp duş gelýän keselleri, şol sanda süýjüli diabet, dem alyş ýollarynyň we gan aýlanyş ulgamynyň, madda çalşygynyň kesellerini, aralýaka sebitiň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini, dermanlyk ösümlikleriň melhemlik täsirini, allergologiýanyň we immunologiýanyň, kadaly iýmitlenmegiň, fiziki işjeňligiň, sportuň we zähmetiň fiziologiýasyny öwrenmek, şeýle hem bu ugurlar boýunça kliniki, okuw, ylmy we barlaghana işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär.

Bu merkeziň düzüminde ylmy-kliniki barlaghana, fiziologiýa, diabet we umumy bölümler hem-de Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň degişli kafedralary üçin okuw otaglary we beýleki bölümleri göz öňünde tutulýar.

Bu merkez bäş gatdan ybarat bolup, onuň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolar. Desganyň ýanaşyk ýerinde 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi ýurdumyz boýunça arid zolagyň meselelerini öwrenýän merkezi bejeriş-öňüni alyş edarasy bolup hyzmat eder.

Aşgabatda ýakyn wagtda gurulmagy meýilleşdirilýän ikinji bir daglyk merkezi Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezidir. 7 gatly merkeziň gurluşyk meýdany 6 gektara barabar bolup, onuň meýdançasynda 240 orunlyk awtoduralgany gurmak meýilleşdirilýär.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzüminde ýürek-damar, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, daýanç-hereket ediş we beýleki beden agzalarynyň dowamly kesellerinden we operasiýadan soň uly ýaşly adamlaryň hem-de çagalaryň saglygyny ýatymlaýyn we gatnaw şertlerinde dikeltmek üçin aýratyn binalarda ýerleşdirilen bölümler, okuw hem-de kömekçi-hojalyk bölümleri göz öňünde tutulýar.

Bu merkezde derman serişdelerini ulanmazdan häzirki zaman lukmançylygynyň iň döwrebap tehnologiýalary adamlaryň saglygyny berkitmekde ulanylar. Merkezde näsaglara edilýän hyzmatlar dürli keseller bilen kesellän näsaglaryň adaty durmuşa gaýdyp gelmegine, ýaşaýyş hiliniň gowulanmagyna we işe ukyplylygynyň dikeldilmegine oňyn täsir eder.

Şonuň bilen bir hatarda, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde lukmanlaryň bilim derejelerini we hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler dörediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň