Arhiw

Türkmenistanly talyplar Leningradyň halas edilmegine bagyşlanan çärelere gatnaşdylar

23:0728.01.2021
0
5979

Russiýada bilim alýan türkmenistanly talyplar Leningradyň faşist basybalyjylaryndan halas edilmeginiň 77 ýyllygy mynasybetli Saransk şäherinde (Mordawiýa) geçirilen dabaralara gatnaşdylar. «Столица С» neşiriniň ýazmagyna görä, olar beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde bu ýerde wepat bolan esgerleriň ýadygärligine gül desselerini goýdular.

Ogarýow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň taryh we sosiologiýa institutynyň magistri Şakir Hudaýýarow: «Biz indi birnäçe ýyldan bäri bu çäräni geçirýäris. Aýry-aýry ýurtlaryň wekilleridigimize garamazdan,. Russiýanyň taryhy bizi birleşdirýär. Men Türkmenistandan. Biziň ata-babalarymyz hem Beýik Watançylyk urşuna gatnaşypdyrlar. Şonuň üçin bu çäre biziň üçin hem eziz» diýip, öz pikirlerini beýan etdi.

Faşistik basybalyjylar Leningrady 900 günläp gabapdylar. Şol döwürde heläk bolanlaryň sanynyň 1,5 milllion adama ýetendigi aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň