Soňky habarlar

Arhiw

«Ak hünji» hususy kärhanasy önümçiligini giňeldýär

17:4628.01.2021
0
3325
«Ak hünji» hususy kärhanasy önümçiligini giňeldýär

2009-njy ýylda esaslandyrylan «Ak hünji» hususy kärhanasy ýylylyk geçirmeýän penopolistirol önümleri (EPS) we bezeg maksatly gurluşyk materiallaryny, şeýle hem sendwiç-panellerini öndürmekde Türkmenistandaky öňdebaryjy kärhanalaryň biri hasaplanýar. Häzirki wagtda kärhananyň önümçiliginde potolok kornizler, jaýlaryň içki we daşky bezegleri üçin profiller we ýylylygy izolýasiýa edýän sendwiç-panelleri bar. Kärhananyň önümleriniň görnüşiniň köp, hiliniň ýokary, bahasynyň amatly bolmagy müşderilerde uly isleg döredýär. 

Kärhanada işleýän Hil Dolandyryş Ulgamy halkara standartlar guramasy bolan ISO 9001:2018-iň talaplaryny doly berjaý edip, barlaglardan üstünlikli geçdi we halkara «SGS» bilen sertifikaty almagy başardy.

«Ak hünji» hususy kärhanasy soňky ýyllarda öndürýän önümleriniň görnüşini ep-esli giňeltdi, şol sanda jaýlaryň daşky we içki bezegi zerur bolan demir önümleriň sanyny köpeltdi. Geljekde giňeldilen polistirol köpük panelleri (EPS) bilen parallel ekstrudirlenen polistirol köpükden XPS izolýasiýa panelleriniň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Hususy kärhananyň önümleri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda-da uly islege eýe bolaýar. Kompaniýanyň önümleri, daşary ýurtly isleg bildirýän telekeçiler üçin, şeýle hem ýurdumyzdaky geçirilýän halkara sergilerde görkezilýär. 

2020-nji ýylda «Ak hünji» hususy kärhanasy öz resmi web sahypasyny açdy. Bu internet saýtda önümleriň ähli görnüşleri bilen jikme-jik tanşyp bolýar.

Kärhananyň esasy edara-binasy Mary welaýatynda ýerleşip, ähli welaýat merkezlerinde söwda merkezleri hereket edýär. Olaryň ýerleşýän ýerleri kärhananyň web sahypasynda görkezilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň