Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Suga Ýosihide ýurduň saglyk ulgamyna gözegçilik edip bilmeýändiklerini boýun aldy

11:3528.01.2021
0
863

Ýaponiýanyň Premýer-ministr Suga Ýosihide koronawirusa garşy göreşde talap edilişi ýaly saglyk ulgamyna gözegçilik edip bilmejekdiklerini aýtdy we ýurtda halkyň lukmançylyk hyzmatlaryny bermek ulgamynyň ýoklugyndan aladalanýandygyny dile getirdi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministr Suga Ýosihide: «Ýokanç keselli raýatlar hassahana getirilenden soň, saglyk ulgamyny işjeňleşdirmeklik biziň borjumyz. Meniň wezipäm hökmünde saglyk ulgamyny dogry dolandyryp bilmeýändigime gynanýaryn. Halk saglyk ulgamynyň ýoklugyndan alada edýär. Şonuň üçin hökmany suratda lukmançylyk hyzmatlaryny beriň.» –  diýip, ýurduň saglyk ulgamynyň ýolbaşçylaryna ýüzlendi. 

Tokio Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlary bilen baglanyşykly köpçüligiň arasynda dürli aladalaryň bardygyny bilýändigini bellän Suga, bu babatda zerur çäreleriň geçirelendigini we howpsuz ýaryşa taýýarlyk görüljekdigini aýtdy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň