Arhiw

Nobel baýragy dabarasy geçirilýän «Mawy zal» binasy sanjym merkezine öwrülýär

11:2528.01.2021
0
916

Şwesiýada her ýylyň dekabr aýynda gowşurylýan Nobel baýraklaryndan soň, zyýapat geçirilýän ýeriň – Stokgolm şäher häkimliginiň «Mawy zal» binasynyň wagtlaýyn sanjym merkezine öwrüljekdigi mälim edildi.

Şwesiýanyň Stokgolm şäher häkimliginde ýerleşýän we her ýylyň 10-njy dekabrda gowşurylýan Nobel baýraklaryndan soň 1300 töweregi adam bilen uly toý tutulýan «Mawy zal» binasy wagtlaýyn sanjym merkezine öwrüler.

Stokgolm şäher häkimliginiň metbugat sekretary Anna Kenig: «Sanjym prosesi gaty kyn bolar. Stokgolm şäher häkimligindäki «Mawy zal» ýaly uly ýerler sanjym üçin amatly ýerlerdir.» – diýip belledi. 

«Mawy zal»  binasyndan başga-da şäherdäki ähli sport zallarynyň wagtlaýyn sanjym merkezleri hökmünde ulanyljakdygy habar berildi.

Norwegiýa «COVID-19» ýokanç keseliniň täze görnüşine garşy göreşmeklik maksady bilen Şwesiýa bilen serhedini ýapmaklyk kararyna geldi.

Adamzada hyzmat edenleri sylaglamak maksady bilen geçirilýän Nobel baýragy gowşurylyş dabarasy pandemiýa sebäpli 1956-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýatyryldy.

Her ýyl dekabr aýynyň ikinji hepdesinde Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda geçirilýän dabarada ýylyň-ýylyna alty ugur boýunça Nobel baýraklary gowşurylýar. Nobel baýragynyň taryhynda bu dabara ikinji gezek geçen ýyl epidemiýa sebäpli geçirilmedi.

Nobel baýragy gowşurylyş dabarasy birinji gezek 1956-njy ýylda Sowet Soýuzynyň Wengriýada bolmaklygyna nägilelik bildirmeklik maksady bilen ýatyryldy.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň