Soňky habarlar

Arhiw

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy «COVID-19» hassalaryny bejermeklik boýunça täze teklipleri metbugatda çap etdi

16:0427.01.2021
0
1337

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy «COVID-19» hassalaryny we dikeldişden soň dowamly koronawirus alamatlaryny görkezýän näsaglary bejermeklik boýunça täze teklipleri metbugatda çap etdi.

BSGG-niň metbugat sekretary Margaret Harris täze teklipleriň arasynda öýde bejergi alýan näsaglaryň kislorod derejesini ölçeýän impuls oksimetriniň bolmalydygy, bu babatda öýdäki näsaglaryň ýagdaýy erbetleşse hassahana ýerleşdirilmelidigi barada maslahat berilýändigini aýtdy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy lukmanlara kislorod akymyny ýeňilleşdirmek üçin näsaglary ýüzün we ýapgyt şekilinde ýatyrmaklygy maslahat berdi. Mundan başga-da, BSGG ganyň ýygrylmagynyň öňüni almaklyk üçin az mukdarda antikoagulýantlary ulanmaklygy maslahat berdi.

BSGG-niň ýolbaşçylygynda döredilen we koronawirusyň gelip çykyşyny derňemek üçin  epidemiýanyň başlangyç nokady bolan Hytaýyň Wuhan şäherine giden garaşsyz hünärmenler barada gürrüň beren Harris, bu toparyň karantin möhletiniň ýakyn günlerde tamamlanjakdygyny we işe başlajakdygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginde sanjymlaryň gijikdirilmegi barada düşündiriş bermedik metbugat sekretary, bu meselede hiç hili maglumatyň ýokdugyny we BSGG-niň ileri tutýan ugurlarynyň hemmesine ýylyň ilkinji 100 gününde sanjym etmekligiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň