Soňky habarlar

Arhiw

«Atletiko Madrid» Özbegistanda Futbol akademiýasyny döretmegi teklip etdi

17:5126.01.2021
0
1363

Özbegistanyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet komitetiniň başlygy Aziz Abduhakimowyň we «Atletiko Madrid» futbol klubynyň wise-prezidenti Inigo Aznaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen ýygnakda Özbegistanda Futbol akademiýasyny döretmeklik teklip edildi.

Özbegistanyň Syýahatçylygy ösdürmek boýunça döwlet komitetiniň  başlygy Aziz Abduhakimowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Madride bolan iş sapary wagtynda «Atletiko Madridiň» futbol klubynyň ýolbaşçylary we işgärleri bilen duşuşdy.

«Atletiko Madrid» futbol klubynyň wise-prezidenti Inigo Aznar Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyň uly netijeleri berip biljekdigini aýtdy. Duşuşygyň ahyrynda «Atletiko Madrid» futbol klubynyň wekilleri Özbegistanda Futbol akademiýasyny döretmegi teklip etdiler.

«Atletiko Madrid» futbol klubynyň ýolbaşçylary ýakyn wagtda Özbegistana täjirçilik teklibini iberjekdigini we taraplar ylalaşyk gazansa, klub işgärleriniň Özbegistana baryp görjekdigini aýtdy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň