Soňky habarlar

Arhiw

Malaýziýa 6,4 million dozada Sputnik V sanjymyny alar

17:4826.01.2021
0
824

Malaýziýanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýerli kompaniýanyň üsti bilen Russiýanyň «Sputnik V» sanjymynyň 6,4 million dozasyny satyn almaklyk barada ylalaşyk gazandyklaryny habar berdi.

Malaýziýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň beýanyna görä, ýerli «Duopharma» derman kärhanasy şertnama laýyklykda Hökümeti 6,4 million dozada «Sputnik V» sanjymy bilen üpjün eder.

«Sputnik V» rus sanjymynyň iki dozada ulanylýandygyny göz öňünde tutsak, beriljek bu mukdardaky sanjym 3 milliondan gowrak Malaýziýa raýatyny koronawirusdan goramaga kömek eder.

 Malaýziýadaky «Pharmaniaga Berhad» derman kärhanasynyň bolsa Hökümeti 12 million dozada «Sinovac» sanjymy bilen üpjün etjekdigi  mälim edildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň