Soňky habarlar

Arhiw

Putin Dumada 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bilen baglanyşykly täze kanun taslamasyny taýýarlamaklygy teklip etdi

10:5826.01.2021
0
2108

Kremlden berlen beýana görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Russiýanyň parlamentiniň aşaky palatasy bolan Duma ýüzlenmeklik bilen, «1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Sowet halkynyň ýeňşini ebedileşdirýän» federal kanuna Sowet Soýuzynyň we faşist Germaniýasynyň ikinji jahan urşundaky ähmiýetini anyk kesgitlemegi gadagan edýän üýtgetmeler girizmek baradaky federal kanun taslamasyny 2021-nji ýylyň ýazyna çenli taýýarlamaklygy we kabul etmekligi teklip etdi.

Putiniň bu teklibiniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýerine ýetirilmelidigi aýdylýan beýanda Dumanyň başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň kanun taslamasy üçin jogapkärdigi bellenildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň