Soňky habarlar

Arhiw

Amerikan alymlary süýji keselini bejerýän miwäni kesgitlediler

12:0025.01.2021
0
5932

Mango, gandaky şeker derejesini durnuklaşdyryp, 2-nji görnüşli süýji keseli bolan adamlarda umumy ýagdaýy gowulaşdyryp bilýär. Bu barada amerikaly alymlaryň geçiren barlaglarynyň esasynda «Express» habar berýär.

Hünärmenler mangonyň düzümindäki polifenollaryň antioksidanta we çişmä garşy häsiýetleriniň bardygyny anyklady.

«Express»-iň habarynda: «Mangonyň düzüminde karotenoidler, tokoferollar, askorbin kislotasy we fenol birleşmeleri bolan mangiferin, gall kislotasy we kwersetin ýaly belli bioaktiw birleşmeler bar.» diýilýär.

Alymlar 2-nji görnüşli süýji keseli bolan meýletinçileri saýladylar we iýmitlerine guradylan mangony goşdular. Birnäçe aýdan soň hassalarda glýukozanyň derejesi peseldi.  Olaryň köpüsiniň bedeniniň ýagy azaldy.

Şeýle-de bolsa, hünärmenler mangoda şekeriň köpdügini, şonuň üçin töwekgelçilikli hassalaryň ony az iýmelidigini duýdurdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň