Soňky habarlar

Arhiw

IFFHS «Altyn asyry» soňky 10 ýylda iň köp çempion bolan toparlaryň arasynda görkezdi

11:5325.01.2021
0
8607

Futbolyň taryhy we statistikalary boýunça halkara federasiýasy (IFFHS) soňky 10 ýylyň jemi boýunça milli çempionatlarda iň köp çempionlyk gazanan toparlaryň sanawyny çap etdi.

Sanawda birinji orny Nikaragua şäheriniň «Real Esteli» futbol topary eýeleýär. Topar 10 ýylda 10 çempionlyk gazandy.

Ikinji orundaky «Belmolan Bandits» (Beliz), «Ludogores» (Bolgariýa), «Tupapa Maraerenga» (Kuk adalary), «Dinamo» (Horwatiýa), «Ýuwentus» (Italiýa) we «Seltik» (Şotlandiýa) toparlary 10 ýyla 9 çempionlyk sygdyryp bilipdiler. 8 çempionlygy bolan toparlaryň sany hem birnäçe. Olaryň arasynda iň meşhury Mýunhen şäheriniň «Bawariýasydyr».

Sanawda Merkezi Aziýadan «Istiklol» (Täjigistan) 8, «Altyn asyr» (Türkmenistan) 7, «Dordoý» (Gyrgyzystan) we «Astana» (Gazagystan) 6, «Pahtakor» (Özbegistan) bolsa 5 çempionlyk bilen goşuldy.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn asyr» futbol toparynyň soňky ýedi ýylda ýurdumyzyň çempionlygyny hiç bir garşydaşyna gidirmän gelýändigini ýatladýarys. Ol Türkmenistanda iň köp çempion bolan topardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň