Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmen-Tranzit" wirtual sergiler üçin 3D platforma hödürledi

11:3225.01.2021
2
89645

Programma üpjünçiligini ösdürmekde ýöriteleşen “Türkmen-Tranzit” kompaniýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi bilen bilelikde wirtual sergileri geçirmek üçin onlaýn platforma döretdi.

Bu 3D görnüşli wirtual sergide, diňe bir Türkmenistandan däl, eýsem daşary ýurtlardaky telekeçiler hem öz önümlerini ýa-da hyzmatlaryny görkezip bilerler.

Hasaba alnanyňyzdan soň serginiň “myhmany” bolup bilersiňiz, munuň üçin adyňyzy we familiýaňyzy görkezmek ýeterlikdir. Gepleşikleriň aňsatlaşdyrmak üçin, gatnaşyjylara wirtual “tegelek stol” berilýär. Bu ýerde mahabatlaryňyzy, afişalaryňyzy, tanytgyçlaryňyzy we 3D taslamalaryňyzy ýerleşdirip boljak ýörite bölümler bar. Sergä gatnaşýanlar bilen habarlaşmak üçin adyňyzy we telefon belgiňizi görkezmeli bolarsyňyz.

Platforma üç dilde ýagny, türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň