Soňky habarlar

Arhiw

MFT 100 göterim tebigy önümleriň görnüşlerini artdyrýar

10:5825.01.2021
0
1289

Telekeçi Myrat Allaýazowyň Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda taýýarlanylýan «MFT» haryt nyşanly 100 göterim tebigy önümleriň görnüşleri yzygiderli artýar ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Häzirki döwürde bu ýerde önümleriň 60-a golaý görnüşi öndürilýär. «MFT» («Maks food technology») haryt nyşany bilen öndürilýän önümleriň hatarynda apelsin, nar, käşir, alma, käşir-alma, kädi-alma, pomidor, duzly, С witaminli pomidor, erik, şugundyr, kädi şireleri bar.

Olar 0,25; 0,5; 1 litrlik çüýşe gaplara gaplanylýar. Şeýle-de 3 litrlik «bag-in-box» görnüşli gaba gaplanan alma şiresi hem bar. 0,72 litrlik gaplarda ülje, garaly, gawun, erik şerbetleri, 0,5 litrlik gaplarda alma, ülje, pyrtykal jemleri, badamjan, sogan, şugundyr ikralary, süýji, ajy, çişlik üçin pomidor souslary alyjylara hödürlenilýär. Bulardan başga-da, pomidor şiresindäki pomidorlar, pomidor goýutmasy, duzlanan sarymsak, burç, burçly badamjan, pomidor sousyndaky tegelek kesilen badamjan ýaly önümler bar.

Gök önümler we miweler ýerli daýhanlardan, bagbanlardan satyn alynýar. Olaryň ter hem-de sagdyn bolmagyna aýratyn üns berilýär. Çig mal düýpli arassalanyp, bölekleşdirilýär hem-de sykylyp alnan şiresi süzgüçlerden geçirilýär. Soňra pasterizirlemek tapgyrynda-da önümiň ýokumlylygyny saklap galmaga aýratyn üns berilýär. Miwelerdir gök önümlerden göni sykylyp alnan şireler ilkibaşdaky tagamyny, özboluşlylygyny saklap galýar.

Ýeri gelende bellesek, tejribeli telekeçi Myrat Allaýazow işewürlige 2009-njy ýylda başlady. 2013-nji ýylda Gollandiýanyň, Awstriýanyň, Ukrainanyň ýokary öndürijilikli enjamlary satyn alyndy hem-de degişli ygtyýarnama esasynda miwe şireleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Kärhanada çig maly ýuwup, arassalamakdan başlap, şiresini almaga çenli tapgyrlaýyn işler doly awtomatlaşdyrylandyr. Bu ýerde 25 adam zähmet çekýär. Ýurdumyzda ekilip ýetişdirilen gök we bakja önümlerinden, miwelerden taýýarlanylýan ekologiýa taýdan arassa şireler saglyga peýdalylygy, jana ýokumlylygy bilen dünýäde meşhurdyr.

«MFT» haryt nyşanly önümlere daşarky bazarlarda-da uly isleg bildirilýändigi hem muňa şaýatlyk edýär. Geljekde telekeçi ýer bölegini kärendesine alyp, önümçilik üçin esasy çig mal bolan miwelerdir gök önümleriň belli bir bölegini öndürmegi, işewürligiň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň