Türkmenistan Özbegistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň onlugyna girdi

22:1124.01.2021
0
2155

2020-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistan Özbegistanyň ähli söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 10-njy, GDA ýurtlarynyň arasynda 4-nji orny eýeledi. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti habar berýär.

2020-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 527,1 million dollara barabar boldy. Türkmenistan Özbegistana 399,1 million dollarlyk haryt we önüm eksport etdi we bu ýurtdan 128,0 million dollarlyk önüm satyn aldy. 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistan bilen söwda dolanyşygy 271,1 million dollardan hem gowrak boldy. Özbegistanyň 2020-nji ýylda daşary söwda dolanyşygynda Türkmenistanyň paýy 4,15% boldy. Türkmenistan Özbegistandan mineral dökünleri, gök önümleri, ulag, gurluşyk materiallaryny, elektrik enjamlaryny satyn alýar we nebit önümlerini, polimerleri we pagta ýüplüklerini satýar. 2019-njy ýylyň dekabrynda bolsa elektrik energiýasyny eksport edip başlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň