Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «Demirgazyk akym»-dan gaz ibermeklikde rekord goýdy

21:2923.01.2021
0
960

Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasynyň 2020-nji ýylda «Demirgazyk akym» tebigy gaz geçirijisinden 59,2 milliard kub metr gaz ibermeklik bilen rekord goýandygy mälim edildi.

Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy ýyllyk kuwwaty 55 milliard kub metr gaz geçirmeklige ukyby bolan «Demirgazyk akym» gaz geçirijisinden ikinji gezek möçberinden has köp gaz iberdi.  Birinji gezek bu gaz geçirijiden 2019-njy ýylda 58,5 milliard kub metr gaz, ikinji gezek bolsa 2020-nji ýylda 59,2 milliard kub metr gaz Ýewropaly sarp edijilere geçirildi.

Russiýanyň gaz geçirijilik ukyby ýylda 55 milliard kub metr gaza barabar bolan ilkinji «Demirgazyk akym» gaz geçirijisi 2011-nji ýylda ulanylmaga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň