Soňky habarlar

Arhiw

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi Azerbaýjana hem Türkmenistana gutlag bilen ýüzlendi

19:5623.01.2021
0
1472

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amraýew bu halkara guramasynyň adyndan Azerbaýjana hem Türkmenistana gutlag bilen ýüzlendi.

Bagdat Amraýew Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň resmi twitter sahypasynda: «Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasynda Hazar deňziniň «Dostluk» uglewodorod ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, özleşdirmek we işläp düzmek babatda  özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýar. Hazar deňziniň «Dostluk» uglewodorod ýatagynda takmynan 60 million tonna nebit we 100 milliard kub metr tebigy gaz gorlary bar diýlip çaklanylýar. Hazar deňzinde – Azerbaýjan bilen Türkmenistan sebitleriniň orta arasynda ýerleşýän bu uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmeklik babatda iki döwletiň arasynda gazanylan ylalaşyk türki ýurtlaryň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirer.» diýlip belledi. 

Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amraýew  bu halkara guramasynyň resmi twitter sahypasynda ýazan beýanynyň ahyrynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň Hökümetlerine il-ýurt bähbitli we sebit ähmiýetli bu döwletli işlerinde  uly üstünlik,  iki doganlyk ýurduň halkyna bolsa asuda we bagtyýar durmuş arzuw etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň