30-njy ýanwarda «Iş Nokady» merkezinde «Sosial torlar arkaly marketing» ýa-da SMM (Sosial media marketing) boýunça gysga wagtlyk okuw geçiriler .
SMM ― bu sosial ulgamlar arkaly işi ösdürmekdir. Ýakynda hut şu ugur aýratyn ünsi özüne çekdi.
Okuwa gatnaşyjylar internetde harytlary we hyzmatlary mahabatlandyrmaga gönükdirilen çäreler bilen tanyşarlar. SMM-i mahabatlandyrmagyň mehanizmleri we peýdalary, oňaýly taraplary, maksatly diňleýjini özüne çekmegiň esasy usullary ýaly aýratynlyklara jikme-jik serediler.
Tälimçiler : Spiridon Beş we Bagtyýar Rejepbaýew.
Spiridonyň hünäri «Sanly marketing». Hil SMM hünärmeniniň işinde möhüm ähmiýete eýe. Onuň ýolbaşçylygynda “Görogly fitness”, “Fitfood” we beýlekiler ýaly taslamalar durmuşa geçirildi. Durmuşdaky şygary: «Has köp bilim ― has uly güýç».
Bagtyýar marketingde toplan uly tejribesi, yzygiderli öz-özüňi kämilleşdirmek we käbir taslamalary maslahatlaşmak üçin toparlara gatnaşmak arkaly alnan bilimlerini paýlaşar.
Okuwlar gündiz 14:00 ― 17:00 aralygynda geçiriler.
Okuwlara gatnaşmak üçin töleg: 100 manat.
Oturýan ýerler çäklidir, gatnaşmak üçin hasaba alynmaly.
Howpsuzlyk sebäpli, gatnaşyjylaryň hersinde diňe bir gezek ulanylýan lukmançylyk örtügi bolmalydyr.
Hasaba alynmak we jikme-jikler maglumatlar üçin:
+993 12 46-81-65