Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Sputnik V» sanjymynyň synag işlerine girişildi

13:3323.01.2021
0
42586

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Amannepesow 22-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde ýurtda keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz çäklerinde “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny resmi taýdan oňlan Merkezi Aziýadaky ilkinji döwlet bolup, bu sanjymy bellige alan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu sanjymyň synag işlerini geçirmäge girişildi.

Şu mejlisde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Russiýa Federasiýasynda üstünde işlenilýän “EpiWakKorona” diýen täze sanjymyny, şeýle hem beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň derman serişdelerini we sanjymlaryny Türkmenistanda bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

«Sputnik V» bilen bagly degişli synaglar tamamlanansoň, ony Türkmenistana uly mukdarda getirmek we sanjym işlerine tapgyrlaýyn girişmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň