Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow ýurtda COVID-19-a garşy ýene bir sanjymy bellige almagy tabşyrdy

13:0723.01.2021
0
14316
Berdimuhamedow ýurtda COVID-19-a garşy ýene bir sanjymy bellige almagy tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine Russiýa Federasiýasynda üstünde işlenilýän “EpiWakKorona” diýen täze sanjymyny, şeýle hem beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň derman serişdelerini we sanjymlaryny Türkmenistanda bellige almak boýunça işleri dowam etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýlelikde, «EpiWakKorona» Türkmenistanda koronowirus pandemiýasyna garşy bellige alnan sanjym bolar.

Ýakynda ministrlik Russiýada öndürilen «Sputnik V» sanjymyny bellige alyp, degişli şahadatnamany beripdi.

Hökümet mejlisinde birki gün paýtagtdaky Olimpiýa şäherjiginde ýurtda şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara ýaryşlara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşlygyň barşynda milletiň Lideri bu ýaryşlara daşary ýurtlardan geljek wekilleriň islenä sanjymyny alyp bilmek mümkinçiliginiň bolmalydygyny aýtdy. Şu maksat bilen Türkmenistanda koronowirus bilen bagly başga-da birnäçe sanjymyň bellige alynmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň