Täjigistanyň Milli Uniwersitetinde Prezident Emomali Rahmonyň hormatyna, onuň halka we döwlete eden hyzmatlaryny ebedileşdirmeklik maksady bilen «Millet Lideri» muzeýi açyldy.
«Asia-Plus»-yň habaryna görä, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon 22-nji ýanwarda Duşenbede ýerleşýän Täjigistanyň Milli Uniwersitetindäki «Millet Lideri» muzeýini açdy.
Muzeýiň uniwersitetiň akademiki geňeşiniň karary bilen bu ýokary okuw jaýynyň ykdysadyýet fakultetini gutaran Prezident Emomali Rahmonyň hormatyna, onuň halka we döwlete edýän hyzmatlaryny ebedileşdirmeklik maksady bilen döredilendigi bellendi.
Täjigistanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, muzeýde Emomali Rahmonyň talyp resminamalary, talyplyk ýyllaryna bagyşlanan suratlar, esbaplar we maglumatlar bar.
Emomali Rahmon 1977-1982-nji ýyllarda Täjigistanyň Milli Uniwersitetiniň ykdysadyýet fakultetinde okady.