Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Suga Ýosihide: «Tokio olimpiýa oýunlary şu ýyl geçiriler»

18:4722.01.2021
0
1583

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Suga Ýosihide öň «COVID-19» sebäpli yza süýşürilen Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň şu ýyl geçiriljekdigini aýtdy.

Suga: «Adamzadyň koronowirus ýokanç keselini ýok etjekdigini subut etmeklik üçin ynamly we ygtybarly Tokio Olimpiýa oýunlaryny geçirmekligi ýüregime düwdüm.»  – diýip belledi. 

Tokio şäheriniň häkimi Ýuriko Koike hem, ägirt uly bütindünýä olimpiýa oýnunyň ýatyrylmaklyk ýa-da yza süýşürilmeklik meselesiniň ýokdugyny aýtdy.

Olimpiýa oýnunyň guramaçylary Tokio Hökümetiniň «COVID-19» ýokanç keseline garşy giňişleýin çäreleri görendigini ýatladyp: «Ähli hyzmatdaşlarymyz şu tomus Tokio Olimpiýa oýunlaryny geçirmeklige meýil bildirýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, ynamly we ygtybarly sport ýaryşyna taýýarlanmaklyk üçin ähli güýjümizi gaýgyrmarys. Gündelik durmuş hem, mümkin boldugyça gysga wagtda kadaly ýagdaýa geler diýip umyt edýäris.» – diýip belledi. 

Ýurtda geçirilen soňky pikir soralyşyklar ýaponlaryň 80 göteriminiň şu ýyl geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna garşydygyny görkezýär.

Öň 2020-nji ýylyň 24-nji iýulyndan 9-njy awgustyna çenli geçirilmegi meýilleşdirilen Tokio Olimpiýa oýunlary «COVID-19» ýokanç keseli sebäpli 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgustyna çenli yza süýşürildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň