Soňky habarlar

Arhiw

Elon Maskdan uglerod almak tehnologiýasyny ösdürene 100 million dollar baýrak garaşýar

16:4222.01.2021
0
9112

«Tesla» we «SpaceX» şereketleriniň iň uly dolandyryjysy Elon Mask uglerod almak ulgamy üçin iň oňat tehnologiýany ösdürene 100 million dollar baýrak berjekdigini habar berdi.

Dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başynda duran Mask özüniň «Twitter» sahypasyndaky ýazgysynda: «Iň oňat uglerod  almak tehnologiýasy üçin baýrak hökmünde 100 million dollar möçberindäki pul serişdesini sowgat etmekligi meýilleşdirýärin. Bu baradaky anyk maglumatlary indiki hepde aýan ederin.» – diýip belledi.

Ýylylyk zyňyndylaryny ele almaklyk, howanyň üýtgemegini gözegçilikde saklamaklyk, köp meýilnamalaryň möhüm bölegi hökmünde görülýär.

Häzirki wagta çenli ösen tehnologiýada kän bir öňegidişlik bolmady we tagallalar howadan uglerody çykarman, zyňyndylary azaltmaga gönükdirildi.

Halkara Energetika Guramasy geçen ýylyň ahyrynda ýurtlaryň arassa zyňyndy maksatlaryna ýetmekligi üçin uglerod almak tehnologiýasyny ornaşdyrmaklykda düýpli ösüşiň zerurdygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden howanyň üýtgemegine garşy göreşmeklik baradaky giňişleýin meýilnamasynyň çäginde uglerod almak tehnologiýasynyň ösüşini çaltlaşdyrmagy wada berdi. Baýden uglerod almak tehnologiýasy boýunça hünärmen Jennifer Wilkoky ABŞ-nyň Energetika ministrliginde gazylyp alynýan energiýa serişdeleri boýunça baş sekretaryň orunbasary wezipesine saýlady.

Adam tarapyndan döredilen kömürturşy gazynyň, takmynan 60 göteriminiň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň, elektrik beketleriniň we senagat kärhanalarynyň desgalaryndan gelip çykýandygy mälim edildi. 

Gazylyp alynýan ýangyçlaryň köpelmegi netijesinde atmosfera çykýan kömürturşy gazy global ýylylygyň esasy sebäbi hökmünde görülýär. Uglerod almak tehnologiýasy parnik gazlarynyň zyňyndylaryny ep-esli azaltmaklyga we howanyň üýtgemegini haýallatmaklyga gönükdirilendir. Hut şu nukdaýnazardan-da, Elon Mask umumadamzat bähbitli bu haýyrly işde-de öz tagallaryny gaýgyrmajakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň