Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan Döwlet dolandyrylyşynyň prezident respublikasy görnüşine geçdi

18:3621.01.2021
0
1859

2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Gyrgyzystanda Prezident saýlawlary bilen birlikde döwlet dolandyrylyşynyň prezident respublikasy görnüşine geçmeklik babatyndaky ählihalk sala-salşygy geçirildi. Bu sala-salşyga gatnaşanlaryň köpüsi döwlet dolandyrylyşynyň prezidentiň respublikasy görnüşini goldadylar. 

Gyrgyzystanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň maglumatlaryna görä, sala-salşyga gatnaşanlaryň 81,26 göterimi döwlet dolandyrylyşynyň prezident respublikasy görnüşini goldady we häzirki döwlet dolandyryş usulynda galmak isleýänleriň sany 10,86 göterim boldy.

Gyrgyzystanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynyň gelen netijesine görä, Gyrgyzystan döwlet dolandyrylyşynyň prezident respublikasy görnüşine geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň