Soňky habarlar

Arhiw

Jozef Baýden «Ak tam» köşgündäki ilkinji gününde 17 karara gol çekdi

16:1221.01.2021
0
1844

Amerikanyň täze Prezidenti Jozef Baýden «Ak tam» köşgündäki ilkinji gününde 17 sany karara gol çekdi

Baýden ilki bilen federal binalarda we uniwersitet şäherçelerinde «COVID-19» sebäpli agyz-burun örtüklerini geýmekligi talap edýän karary durmuşa geçirip başlady. Şeýle hem ol, «Keystone XL» nebit geçiriji taslamasynyň ýatyrylmagy baradaky karara gol çekdi. «Keystone XL» nebit geçirijisi baradaky taslama Obama tarapyndan 7 ýyllyk synagdan soň, daşky gurşawa zyýanlygy sebäpli 2015-nji ýylyň noýabr aýynda ýatyrylypdy. Ýöne, Donald Tramp tarapyndan bu taslama gaýtadan tassyklandy. Baýden bolsa, bu gün daşky gurşawy arassa saklamaklyk maksady bilen «Keystone XL» nebit geçiriji taslamasyny ýatyrdy.

ABŞ-nyň eks-prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen berk immigrasiýa syýasatyny ýatyrýan karara gol çeken Baýden, ýurtda bikanun ýaşaýan millionlarça immigranta Amerikanyň raýatlygyny bermekligi teklip edýän kanun taslamasyny Kongrese iberdi. Emigrasiýa hünärmenleri soňky dört ýylda girizilen çäklendirmeleriň köpüsini aýyrmak üçin birnäçe aý ýa-da has köp wagt gerek boljakdygyny aýdýarlar.

Baýden, şeýle hem käbir musulman ýurtlaryna garşy syýahat gadaganlygyny ýatyrdy. Bu babatdaky gadaganlyk kararyna hem, Donald Tramp Prezidentlik wezipesine işe başlanyndan bir hepde soň gol çekipdi.

Howanyň üýtgemegine garşy göreşi ileri tutýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezen Baýden, Parižiň howa şertnamasyna gaýtadan goşulmaklyk üçin Prezidentiň kararyna gol çekdi. Mundan başga-da, Baýden Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna dolanmaklyk kararyna gol çekdi. Bu guramadan çykmaklyk baradaky karara Tramp «COVID-19» ýokançlygynyň möwç alýan döwründe gol çekdi. Baýden bolsa Trampyň bu kararyny ýatyryp, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna gaýtadan goşuldy.

Şeýlelik bilen, Jozef Baýden «Ak tam» köşgündäki ilkinji gününde jemi 17 aýry karara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň