Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Türkmenistana geldi

12:5821.01.2021
0
10573

2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana iki günlük sapary başlandy.

Ertesi gün Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Soňra Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Aziz ogly Baýramow bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar  syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Aşgabada bolan bu saparynyň Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň täze tapgyrynyň başlanmagy bilen utgaşandygy aýratyn nygtaldy. Bu ugurda Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk we gorlary peýdalanmak boýunça bilelikdäki hereketleriň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gepleşikleriň netijeliligini aýratyn bellediler. Olar ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem sebit we halkara gün tertibi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň sebit we halkara formatlarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtalyp geçildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň döwrebap awtoulag, demir ýol we deňiz infrastrukturasyna eýe bolan ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly, ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň