Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda geçiriljek halkara sport ýaryşlaryny ýaýlyma bermek boýunça maslahat geçirildi

12:5421.01.2021
0
1500

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematograftýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionatynyň bäsleşiklerini teleýaýlymlarda görkezmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem olar öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlediler.

Olimpiýa şäherjiginiň Halkara teleýaýlyma beriş merkezi toplumyň çägindäki ähmiýetli binalaryň biridir. Bu ýerde ýaryşlara taýýarlyk işleriniň, olaryň guramaçylyk derejesiniň we bäsleşikleriň giňden beýan edilmegine we dünýä ýurtlarynda alnyp görkezilmegine ýardam berýän zerur şertler döredildi.

Binada oturdylan häzirki zaman enjamlary täzeçil tehnologiýalar arkaly ýaryşlaryň gidip duran pursatlaryny teleýaýlymlara ugratmaga we dünýä ýurtlarynyň tomaşaçylaryny bu ýerde guralýan bäsleşikler bilen tanyşdyrimaga giň mümkinçilik berýär.

Şeýle hem bu ýerde degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda zerur bolan taýýarlyk işlerine badalga berildi. Şunda, häzirki zamanyň ösen tejribesinde, sanly tehnologiýalardan we Internet ulgamynyň kämil serişdelerinden netijeli peýdalanylar.

Munuň özi ýaryşlaryň geçýän pursadynda teleýaýlymlarda görkezmek mümkinçiligini üpjün eder. Bu ýerde badalga berlen taýýarlyk işleriniň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler.

Şeýlelikde, ähli ugurlarda bolşy ýaly, milli sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary belent derejelere göteriler. Bu bolsa parahatçylygyň ilçisi diýlip ykrar edilen sportuň has-da dabaralanmagyna giň ýol açar.

Umuman, munuň özi türkmen sportunyň abraýynyň belende galmagyna we dünýäde sport ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň işjeň häsiýete eýe bolmagyna toplumlaýyn çäreleriň gönükdirilýändigini aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň