Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa şäherjiginde sport maşklary bilen meşgullandy

12:4021.01.2021
0
1343

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Olimpiýa şäherjigindäki tennis toplumynyň türgenleşik zalynda dürli sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu ýerde oturdylan sport enjamlary ýokary halkara görkezijilerne we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmek bilen, olarda ýerine ýetirilýän sport maşklary adam synasynyň berkemegine we saglyk ýagdaýynyň yzygiderli gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri adamlaryň öz mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam berýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgalyk görelde görkezip, watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bu ugra ruhlandyryp, nusgalyk görelde bolýandygyny bellemeli.

Milletiň Lideri bu ýerde sport maşyklaryny ýerine ýetirip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine gönükdirilen çäreleriň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň