Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda täze balyk we balyk önümleri dükany açyldy

11:5421.01.2021
0
40095

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy söwda merkezinde  “Hazar külke” balyk we balyk önümleri dükany açyldy. Dükan her gün irden sagat 9-dan, agşam sagat 7-ä çenli, günortan arakesmesiz we dynç günsüz müşderilere hyzmat edýär. Bu barada “Turkmenistan: Altyn asyr” habar gullugy habar berýär. 

Bu ýerde alyjylara täze doňdurylan, konserwirlenen, guradylan, kakadylan, duzlanan balyklar, şeýle hem dürli duzlanan görnüşindäki balyklar hödürlenýär.

Önümler bu ýere yzygiderli ýörite sowadyjy ulaglarda getirilýär. Täze doňdurylan balyklaryň üpjünçiligi Ahal, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň tebigy we emeli suw howdanlarynda balyk tutmak bilen meşgullanýan ýerli kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk esasynda döredildi.

“Hazar külke” dükanynda, konserwirlenen iýmitler we konserwalar, guradylan we kakadylan balyklar, “Hazarbalyk” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümleri, şeýle hem Abadan etrabynda ýerleşýän hususy kärhananyň “Kenar” haryt nyşanly önümleri hödürlenilýär.

Dükanda ak amur, sazan, karp, çapak, ýylan kelle, takgaz, karas, ýaýyn, çehon, we şuňa meňzeş 20-ä golaý täze doňdurylan balyklar bar.

Mundan başga-da, tüssede kakadylan skumbriýalar, guradylan çapaklar, duzlanan we marinadly tebigy Atlantik ringa balyklary şeýle-de marinadly Hazar külke balyklary we we başgalar bar.

Täze dükanda müşderilere sardina, skumbriýa, tunes, saýra ýaly daşary ýurtlaryň konserwirlenen balyk önümleri hem hödürlenýär.

Telekeçi we dükanyň eýesi Ahmet Saparlyýew geljekde “Hazar külke” haryt nyşanly täze söwda nokatlaryny açmagy meýilleşdirýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň