Berdimuhamedow: «Türkmenistan halkara sport ýaryşlaryny iň ýokary derejede geçirmelidir»

23:5820.01.2021
0
1106

20-nji ýanwarda Olimpiýa şäherjiiginde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerdäki desgalarynyň bildirilýän talaplara laýyklykda saklanylmalydygyna ünsi çekdi. Sport desgalarynyň her biri niýetlenen maksadyna görä ulanylmalydyr, olarda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna has giňden çekilmegi üçin ähli çäreler görülmelidir diýip milletiň Lideri aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimine käbir tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryşlary dünýä ýaýmak maksady bilen, Olimpiýa şäherjigindäki Halkara göni ýaýlyma beriş merkeziniň işiniň ýokary halkara talaplaryna laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Bu merkezde işlejek hünärmenlerimiz bu ýerdäki tehnikalardan peýdalanmak bilen, işlerine ussatlarça erk edip, ýaryşlaryň alnyp görkezilişini ýokary hil derejesinde üpjün etmelidir diýip, milletiň Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti welotrek boýunça dünýä çempionatynyň ähmiýeti barada aýdyp, oňa dünýäde höwesekleriň az däldigini nygtady. Milletiň Lideri geçiriljek bu ýaryşyň halkara sport guramalary bilen hem ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň barha pugtalandyrylýandygyna hem şaýatlyk edýändigini belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýyl geçirilmegi bellenen dünýä derejeli abraýly ýaryşlara taýýarlyk görülmegi babatda alnyp barylýan ähli işleri gözegçilikde saklamak, bu ugra degişli ähli meseleleriň öz wagtynda we maksadalaýyk çözülmelidigini aýtdy hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň