Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralaryň bir toparyny Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda geçirmegi teklip etdi

23:4020.01.2021
0
10190

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji ýanwarda Aşgabatdaky Olimpiýa stadionyna baryp gördi.  Bu barada TDH habar berýär.

Onuň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde dessine ünsüňi özüne çekýär.

Halkara ölçeglerine laýyk gelýän stadionda ýokary derejedäki dürli ýaryşlary, şol sanda futbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri hem-de köpçülikleýin-medeni çäreleri geçirmäge hemme mümkinçilikler bar. Stadionyň tomaşaçylaryň oturmagy üçin niýetlenen ýerler örän oňaýly gurnalandyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp stadionyň mümkinçilikleriniň şu ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk beýik baýramçylygynyň dabaralaryny geçirmekde-de, örän uludygyna ünsi çekdi. Iň naýbaşy baýramçylyk dabaralarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen şöhratly ýollaryny aýdyň we giňden beýan etmekde stadionda döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden oýlanyşykly peýdalanylmalydygy barada aýdyp, Aşgabat şäheriniň häkimine hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, bu baýramçylyk dabaralary türkmen ruhuna laýyk gelmelidir. Şol birwagtyň özünde olara häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ösdürilýän sport we Olimpiýa hereketiniň, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň neneňsi ýaýbaňlandyrylyşy öz beýanyny tapmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň