Hytaý Maglew otlularynyň täze görnüşi bilen tanyşdyrdy

17:3320.01.2021
0
1875

Hytaý Maglew otlularynyň ýokary tizligi 620 kilometre ýetýän ösen görnüşi bilen tanyşdyrdy. Bu otlynyň synag döwri henizem dowam edýär.

Siçuan welaýatynyň Çendu şäherinde tanyşdyrylan Maglew otlusynyň täze görnüşiniň 3-5 ýyldan ulanylmaga beriljekdigi we öňki görnüşiniň tizliginden takmynan 200 kilometr  ýokarydygy mälim edildi.

Ýokary temperaturada we magnitli relslerde ýöreýän otlynyň 21 metr uzynlykdaky lokomotiwi bilen tanyşdyran Hytaý Hökümeti mazamlama üçin 165 metr uzynlykdaky demir ýol ulgamyny gurdy. «Jiatong» uniwersitetiniň professory He Çuan sebitiň ýerasty magdanlara baýdygyny, şonuň üçin magnit demir ýol ulgamlarynyň gurluşygynda çig mal ýetmezçiliginiň bolmazlygyny aýtdy.

Hytaýyň iň uly şäheri bolan Şanhaýda Pudun halkara howa menzili bilen şäher merkeziniň arasynda gurlan Maglew demir ýoly ilkinji gezek 2004-nji ýylda işe girizildi. Tizligi, takmynan 420-430 kilometre ýetýän otlular bilen şäher merkezinden halkara howa menziline 4-6 minutda baryp bolýar.

Hytaýda uzynlygy 38 müň kilometre ýetýän dünýäniň iň ýokary tizlikli otly demirýoluna eýe bolan ýurt hasaplanýar. 

2022-nji ýylda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlary mynasybetli Hytaýyň resmileri soňky döwürde sebitdäki metro we ýokary tizlikli otly ýollary üçin maýa goýumlaryny artdyrdylar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň