“MB Patisserie” öýüňize naharlary eltip berýär

11:0120.01.2021
0
16126

“MB Patisserie” paýtagtyň ýaşaýjylaryna önümlerini öýlerine eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Bişirilýän önümleriň dürli görnüşi we hili islendik talaby şeýle-de islegi kanagatlandyryp biler.

Süýjülikleri halaýanlara, hamyrmaýaly gatlaklylar, kökeler, piroglar, tortlar, medowikler, “ptiçýe moloko”, çizkeýk, “snikers” we başga-da birnäçe köpdürli konditer önümleri hödürlenýär. Süýjüliklerden başga-da, “MB Patisserie” birinji we ikinji naharlary, işdäaçarlary, gutaplary, somsalary saýlamagy teklip edýär we bulary şäheriň islendik ýerinde eltip bermek üçin sargyt edip bolýar.

Mundan başga-da, “MB Patisserie” dünýä halklarynyň aşhanalaryndan tagamlary hödürleýär, italýan tagamlary müşderileriň arasynda has gowy görülýär. Olaryň arasynda has meşhurlary: pizza, dürli görnüşli makaronlar, lazanýa we ş.m.

Şeýle hem, Berkarar söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän kafeniň özünde garbanyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň