Soňky habarlar

Arhiw

Putin zähmet migrantlaryny çagyrmaklyk düzgünini ýönekeýleşdirmegi tabşyrdy

11:3919.01.2021
0
18518

Russiýa döwletiniň Prezidenti Wladimir Putin Hökümete zähmet migrantlaryny gurluşyk meýdançalaryna çekmeklik üçin ýönekeýleşdirilen düzgüni döretmeklik meselesine garamaklygy tabşyrdy.

Döwlet geňeşiniň hem-de Prezidentiň strategiki ösüş we milli taslamalar geňeşiniň dekabr aýyndaky ýygnagyndan soňky görkezmeleriniň sanawy duşenbe güni «Kreml» web sahypasynda ýerleşdirildi.

Gürrüň GDA-nyň dürli ýurtlaryndan Russiýa Federasiýasyna işlemäge gelýän migrantlar barada barýar. Bu migrantlar arassaçylyk we epidemiologik kadalarynyň talaplaryna laýyklykda gurluşyk we gurnama işlerine gatnaşarlar.

Hökümet öz tekliplerini 1-nji marta çenli tabşyrmaly.

Wise-Premýeriň birinji orunbasary Andreý Belousowyň aýtmagyna görä, gurluşyk pudagynda işçiler ýetmezçilik edýär, sebäbi pandemiýa zerarly zähmet migrantlary kesildi.

Tatarystanyň Prezidenti Rüstam Minnihanow mundan ozal täze koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagynyň öňüni almaklyk maksady bilen girizilen çäklendirmeler sebäpli gurluşyk meýdançalarynda ýüze çykýan zähmet migrantlarynyň ýetmezçiligi meselesini hem gozgady.

Soňra Putin daşary ýurtly kärdeşleri bilen zähmet üçin serhetleri açmaklyk meselesini ara alyp maslahatlaşmaklygy wada berdi.

Mundan ozal Putiniň zähmet migrantlary üçin serhet açmak mümkinçiligine ýol berendigini ýazypdyk

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň