Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň saýlanan Prezidenti Jožef Baýden özüniň Prezident wezipesine işe girişen ilkinji gününde 10-dan gowrak karara gol çekmekligi meýilleşdirýär.
Baýdeniň ýakyn dosty Ron Kleýniň sözlerine görä, 20-nji ýanwarda ABŞ-nyň döwlet Baştutany wezipesini öz üstüne aljak täze Prezidentiň ilkinji hereketleri Parižiň howa şertnamasyna gaýtadan goşulmaklyk we musulman ýurtlaryna girizilen syýahat gadaganlygyny ýatyrmaklyk bolar.
Pandemiýa döwründe Baýden federal binalarda agyz-burun örtüklerini geýmekligiň hökmanlygyny resmi taýdan buýruk berer.
Kleýniň beýanyna görä, täze Hökümetiň hereketleri durmuşa geçirilende, Prezidentiň kararlaryna däl-de, Kongresde kabul edilen kararlara esasy üns berler.
Baýden 100 günüň içinde Kongrese giňişleýin migrasiýa meýilnamasyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Bu meýilnama bilen ýurtda hasaba alynmadyk millionlarça bosgunlara ABŞ-nyň raýatlygy berler.
Täze saýlanan Prezidentiň Kongrese hödürlemekligi meýilleşdirýän ilkinji hereketiniň 1,9 trillion dollarlyk koronawirus goldaw bukjasy boljakdygy mälim edildi.
Kleýn Baýdeniň “COVID-19”-a garşy has gazaply göreş görkezjekdigini we lukmançylyk synaglarynyň sanyny köpeltmeklik, işgärlere edilýän gorag çärelerini artdyrmaklyk we saglygy goraýyş ülňülerini ýokarlandyrmaklyk arkaly ýokançlygyň ýaýramagynyň tizligini azaltmagy maksat edinýändigini aýtdy. Mundan başga-da, Baýden 22-nji ýanwara çenli pandemiýanyň işgärlere ykdysady basyşyny azaltmaklyk üçin çäreleri görmekligi tabşyrar.