Türkmenistanda hlorellany köpeltmegiň peýdalary barada wideo maslahat geçirildi

17:4018.01.2021
0
7824

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşiginiň agzalarynyň, alymlaryň, oba hojalygy hünärmenleriniň, ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda geçirilen wideomaslahatda ýaşyl suwotulary, hlorellany ösdürip ýetişdirmekligiň peýdalary, şeýle hem onuň ulanylýan ýerleri barada pikir alyşyldy.

Ylmy-barlag we önümçilik merkeziniň ylmy işgäri Mähriban Orazberdiýewa öz çykyşynda hlorellanyň turba görnüşli fotobioreaktory barada gürrüň bermeklik bilen:

«Hlorella –  ýokumly maddalaryň we biologiki taýdan işjeň maddalaryň ammarydyr. Bu ösümlik kömürturşy gazyny siňdirýär we kislorod goýberýär.»  –  diýip belledi.

Wideomaslahatda adam bedeni üçin hlorelanyň ähmiýeti, onuň maldarçylykda, guşçylykda, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaklykda, wesmeçilik (kosmetika) we bio-ýangyç önümçiliginde biologiki işjeň goşundylarda ulanylmagy bellendi.

Wideomaslahatda  möhüm soraglaryň biri, hlorellany ösdürmekligiň haýsy usulynyň has tygşytlydygy baradaky sorag boldy. Bu babatda ykdysady we ylmy nukdaýnazardan täsirli usullar teklip edildi.

Çeşmäniň habaryna görä, wideomaslahatyna gatnaşyjylar şu hepde oba hojalygynda giňden ulanylýan soýa ösdürip ýetişdirmeklik meselesini hem ara alyp maslahatlaşarlar. Soýa iýmitdäki belok çeşmesi. Hut şu nukdaýnazardan-da, bu ösümlik guşçylykda we maldarçylykda, beýleki azyk önümleriniň önümçiliginde ulanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň