Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň ikinji ýarymy başlandy

15:0018.01.2021
0
15159

Şu gün Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň ikinji ýarymyna badalga berildi. Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümi tamamlandy.

«Turkmenportalyň» ozal hem habar berşi ýaly, şu ýylky gyşky dynç alyş möwsümi geçen ýyllardakydan biraz uzak dowam etdi. 28-nji dekabrda dynç alşa çykan mekdep okuwçylary bilim ojaklaryna şu gün ― 18-nji ýanwarda dolandylar.

Ýurduň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň üçünji çärýegi mart aýynyň üçünji ongünlügine çenli dowam eder. Soňra okuwçylara bahar dynç alyş möwsümi berler.

Her ýyl bolşy ýaly, Türkmenistanda okuw ýyly 25-nji maýda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň