Soňky habarlar

Arhiw

«Ak gap» ― Türkmenistanda preforma öndürýän ilkinji kärhana

10:4418.01.2021
0
2950

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ak gap» hojalyk jemgyýeti arassa we gazlandyrylan suwlaryň, miwe şireleriniň dürli ululykdaky gaplarynyň çişirilmedik görnüşlerini (preformalary) hem-de olaryň gapaklaryny öndürmek boýunça Türkmenistanda ilkinji döredilen kärhanadyr.

«Rysgal» gazetinde habar berlişi ýaly, kär­ha­na­da çig mal am­ma­ry, önüm­çi­lik bö­lü­mi, taý­ýar önüm­le­riň am­ma­ry ýa­ly des­ga­lar bo­lup, bu ýer­de je­mi alt­myş­dan gow­rak iş­gär zäh­met çek­ýär. Ge­çen ýy­lyň bir çär­ýe­gin­de onlarça mil­li­on­dan gowrak suw gap­la­ry­nyň çi­şi­ril­me­dik gör­nü­şi hem-de ga­pak ön­dü­ri­lip­dir. Şeý­le-de hü­när­men­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, her ýy­lyň ýaz-to­mus aý­la­ryn­da bu önüm­le­re bo­lan is­leg­ler has ar­typ, dür­li gör­nüş­li suw­la­ry, mi­we şi­re­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­ler ta­ra­pyn­dan olar köp muk­dar­da sar­gyt edil­ýär. Çün­ki şol dö­wür­de ho­wa­nyň ys­sy bol­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­lyk­da, ila­tyň te­le­ke­çi­le­riň hö­dür­le­ýän dür­li gör­nüş­li suw­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri-de ýo­kar­lan­ýar.

Hä­zir­ki wagt­da gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­ler www.ak­gap.com.tm elekt­ron sal­gy­sy ar­ka­ly, bu kär­ha­na, onuň hö­dür­le­ýän hyz­mat­la­ry­dyr ön­dür­ýän önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar bi­len tan­şyp bil­ýär­ler. Kär­ha­na­nyň yh­las­ly hem tu­tan­ýer­li zäh­met çek­ýän ag­zy­biriş­gär­le­rişu ýyl hem önüm­çi­lik gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ýo­karlan­dy­ryp, tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ni ga­zan­ma­gy, gel­jek­de öz önüm­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­la­ra-da eks­port et­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň