Soňky habarlar

Arhiw

«Gazpromyň» gaz eksporty ýanwar aýynyň birinji ýarymynda 42 göterim ýokarlandy

20:2817.01.2021
0
1364

Russiýanyň «Gazprom» energiýa kompaniýasy gaz önümçiliginiň we satuwyň yzygiderli ösüşi, şeýle hem kompaniýanyň häzirki bazar ýagdaýy baradaky maglumatlaryny täzeledi.

2021-nji ýylyň 1 – 15-nji ýanwarynda Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň  daşyndaky ýurtlara gaz üpjünçiligi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 42 göterim ýokarlanyp, 9,1 milliard kub metre ýetdi. Bu bolsa, kompaniýanyň eksport taryhynda ikinji uly görkeziji hökmünde hasaba alyndy.

Kompaniýanyň beýanyna görä, esasanam Germaniýa (32,1 göterim), Italiýa (139,7 göterim), Türkiýe (8,7 göterim), Awstriýa (11,7 göterim), Fransiýa (51,6 göterim), Gollandiýa (21,2 göterim), Polşa (62,6 göterim) we Wengriýa (298,4 göterim) ýaly ýurtlar gaz almagyny artdyrdy.

Deslapky maglumatlara görä, şu ýylyň 1 – 15-nji ýanwary aralygynda gaz çykarylyşy 22,6 milliard kub metr bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,3 göterim ýokarlandy. Içerki bazardaky isleg şu ýylyň ýanwar aýynyň birinji ýarymynda 14,7 göterim ýokarlanyp, 2,1 milliard kub metre ýetdi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň