Soňky habarlar

Arhiw

Tokaýew: «Garaşsyzlygyň 30-njy ýylynda ýurtda giňişleýin özgertmeler geçiriler»

14:1516.01.2021
0
1315

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew parlamentiň bilelikdäki mejlisinde Mejlisiň täze saýlanan 7-nji möhletli deputatlaryna ýüzlendi.

Tokaýew öz ýüzlenmesinde Gazagystanyň esasy strategik maksadynyň dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň hataryna girmekdigini aýdyp: «Garaşsyzlygyň 30-njy ýylynda ýurtda giňişleýin özgertmeler geçiriler.» – diýip belledi. Şeýle hem ol, jemgyýetiň pes girdejili gatlaklaryna goldawyň artdyryljakdygyny we halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyryljakdygyny aýtdy.

Milli ykdysadyýetiň ösmegi üçin döwletiň döwlet maýa goýumlaryndaky paýynyň azaljakdygyny bellän Tokaýew, ýurtda ozal başlanan hususylaşdyryş maksatnamasynyň dowam etdirilmelidigini aýtdy.

Tokaýew Gazagystanyň syýasy täzeleniş möwsüminde halkyň täze özgertmelere garaşýandygyny we ýerli dolandyryşy güýçlendirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Syýasy partiýalara täze mümkinçilikleriň berilmeginiň hem wajyp mesele bolup durýandygyny bellän Tokaýew, parlament saýlawlarynda mejlisiň çäginiň 7 göterimden 5 göterime çenli azaldylmalydygyny aýtdy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň